äwmezlik

äwmezlik
Howlukmazlyk, gyssanmazlyk, alňasamazlyk, alyp-ýolup barmazlyk; üns bermezlige salmaklyk, agraslyk.
∙ Aşyr äwmezlik bilen Artygyň ýanyna geldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Eziz äwmezlik bilen söze başlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Göroglynyň men menligi duşmanyň güýjüni äsgermezligi, äwmezligi ýazgarylýar. («Görogly» eposy)
∙ Jonnuk batyr döşüni gaýşardyp, äwmezlige salypdyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Muhammet äwmezlige saldy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.
Meselem äwmezlik - äwmezligi.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем сделать НИР

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»